Ümsüm, ýuwaş.
Bir minut dek oturma, Wagtyňy boş ötürme. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)
Dek gezip ýörmegi-de başaraňok. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Eger siz olary dek gezdirip bilseňiz, biz şol gulaga ýakymsyz sözi sözlügimizden bütinleýin öçürmäge häzir. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)
Dek gezen-dok gezer. (nakyl)
«Ýaly, kimin, deý» diýen many aňladýan sözsoňy kömekçi.
Ak altyndan dag dek köp harman üýşdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Bagda bir howuz bar, aýna dek suwy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)