Janyna degmek, gaty ynjatmak, soňky derejä ýetýänçä gaharyny getirmek.
Ine, onuň şeýle bolgusyz gylyklary degnasyna degensoň, jaýymy täzelemeli boldum. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Olaryň anyk jogap bermän, gaýta ýaňsa alyp gülmekleri onuň has-da degnasyna degýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Şol sözler Sarynyň degnasyna degse-de, ol darykmady, giňlige saldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)