Garamagynda bolan, garaşly, baglanyşykly.
Bu barada degişli guramalar bilen sözleşip hem goýupdy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Dahylly, bagly, asyly, mahsus.
Meniň geljegim diňe maňa degişli. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Meniň pikirimi barlamak size degişli däl! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Mekdepden daşgyn geçirilýän işlere özüne degişli bolmadyk, bolgusyz bir iş hökmünde garaýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Göz öňünde tutulan, laýyk, mahsus.
Allaýar tulumyň hemme jenaýatlarynyň üsti açylyp, boýnuna subut boldy, degişli jezasyna ýetdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)