degerli de‧ger‧li

  1. Ýerlikli aýdylan (söz), öz ýerinde berlen (jogap we ş. m.).

    • Poltoraskiniň öz sözünden ötgür, degerli söz tapmak mümkin-de däldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ol halkyň arasynda has giň ýaýran çeper aforizmleri, nakyllary öz ýerinde, degerli edip peýdalanmagy oňarýar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Olaryň her biriniň soragyna degerli jogap berdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  2. Maksada laýyk, oňaýly, amatly.

    • Allaýar saryk çarwalarynyň iň degerli guýularyny eýeläpdir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Men näme üçin degerli pursady goldan berdim? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Saňa ýerli-ýerden örän degerli kömek ederis diýsek, sen niçik görýärsiň? -- diýip, Akmämmet aýtdy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  3. seret degenek 1


Duş gelýän formalary
  • degerlije
  • degerlileri
  • degerliligiň