Elde tutmaga we bir zady urmaga örän oňaýly, ykjam, saldamly (taýak, palta we ş. m. hakynda).
Onuň iki çalçasyndan başga degenek paltasy-da bardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Degenek ojar Artygyň depesinden inerli boldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Göçme manyda Ykjam, çalasyn, gaýratly (adam).
Ol ýigrimi bäş ýaşlaryndaky degenek ýigit eken. («Tokmak» žurnaly)
Gyzdurdy hem degenek jahyl boldy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem degenek - degenegi.