[da:wa:]
Aýry-aýry meseleler boýunça adamlar arasynda döreýän ylalaşyksyzlyk.
Poemanyň çap bolup çykmagy her dürli edebi jemgyýetler arasynda dawalar döredipdir. («Edebiýat»)
Siziň iş hakynda edýän dawaňyza, heý, onuň dahyly barmy? (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Galmagal, gykylyk, jenjel.
Bu ýerde dawany ulaldyp durasy iş ýok-la! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Maňa anyk garşylyk görkezmese-de, ertir onuň dawa turuzmagy mümkin. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Göçme manyda Uruş, jeň.
Bir müň dokuz ýüz on dördünji ýylda dawa başlandy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)