[da:tmak]
Tagamyny görmek, duzuny görmek.
Nahardan we ş. m. birneme iýmek.
Bir gün duz dadan ýeriňe, müň gün salam. (nakyl)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem datmak - dadýar, dadar, dadypdyr.
seret şarpyk
Eger duşman hüjüm etse, Bizden şarpyk dadar haýyn. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)
Her hili kynçylygy başdan geçirmek.
Yssyny sowugy köp dadan adam ýagşy urşar -- diýip, ony Eziziň özi kabul edipdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)