[da:t]
Ýardam, kömek soralyp edilýän nala, zeýrenç aňladýan ümlük.
Dat! Ördek dost, ýüregim bulanyp, başym aýlanýar. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)
Dat! Işimiz gaýtdy! Wah arman, indi gaçara-da maý ýok! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem dat - dadym, dadyň.
Wagtynda ýetişip, birini kyn, çykgynsyz ýagdaýdan halas etmek.
Mert esgerler meniň dadyma ýetdi, Hojaýnym Amany aldy-da gitdi. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)
Zeýrenmek, nala etmek.
[da:t]
Naharyň we ş. m. lezzetli tagamy.
Arryk etiň dady ýok.
Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem dat - dadym, dadyň.