darytmak işlik

[da:rytmak]

Ýakyn aralyga at çapdyryp geçmek.

  • Atlaryny onuň özi darydyp görýärdi. (I. S. Turgenew, Awçynyň Hatlaryndan)

  • Çapyksuwar Gyrsakary darydyp gelenden soň, ony bir salym gezdirdi. («Sowet Türkmenistany» Gazýeti)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem darytmak - darydýar, darydar, darydypdyr.