darykmak işlik

[da:rykmak]

Ýüregiňi, içiňi gysdyrmak, gysynmak, gaýgylanmak, gussalanmak.

  • Men nämeden darygýaryn. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Janym, darykmasyn asla ýüregiň! (A. S. Puşkin, Ertekiler)

  • Düýrleşdirip el işin, Çykýar öýden darygyp. (B. Kerbabaýew, Eserler toplumy)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem darykmak - darygýar, darygar, darygypdyr.


Duş gelýän formalary
  • darygana
  • darygybam
  • darygyp
  • darygýan
  • darygýandygyň
  • darygýanyny
  • darygýar
  • darygýardy
  • darygýaryn
  • darykdy
  • darykjak
  • darykma
  • darykmady
  • darykmagyn
  • darykmak
  • darykmaklygy
  • darykman
  • darykmandy
  • darykmandyr
  • darykmany
  • darykmasyn
  • darykmazlyk
  • darykmaýan
  • darykmaýardylar
  • darykmaň