[da:rgursak]
Her bir zada darygýan, ynjalyksyz, gahary tiz gelýän, sabyr-takatsyz.
Şol häsiýetimiň näçe eýmençdigine düşünsem-de, dargursak bolanym üçin, özüme özüm buýrup bilemok. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem dargursak - dargursagy.