daralmak da‧ral‧mak 1 işlik

Darakdan geçirilmek, darap arassa edilmek.

  • Onuň kellesindäki köp wagt bäri daralman, telpek ýaly bolup giden bulaşyk saçlary onuň hyrsyzlygyny has hem güýçlendirýärdi. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

daralmak da‧ral‧mak 2 işlik

[da:ralmak]

  1. Dar bolmak, öňküsinden kiçelmek, girmek.

  2. Insiz bolmak, kiçelmek (giňişlik barada).

  3. Ýakyn aralyga çapylyp geçilmek (at hakynda).

  4. Göçme manyda seret darykmak

    • Baý öýünde giň dünýäsi daraldy, igledi-de, günbe-günden saraldy. (B. Kerbabaýew, Eserler toplumy)


Duş gelýän formalary
  • daralan
  • daralanda
  • daralandygy
  • daralandygyny
  • daralandyr
  • daralanok
  • daralansoň
  • daralar
  • daralardy
  • daralary
  • daraldy
  • daraldygyça
  • daralma
  • daralmadyk
  • daralmadykdy
  • daralmagy
  • daralmagyna
  • daralmagynda
  • daralmagyny
  • daralmagynyň
  • daralmak
  • daralmaklygy
  • daralman
  • daralmanyň
  • daralmasy
  • daralmasynda
  • daralmasynyň
  • daralmazdy
  • daralsa
  • daralyp
  • daralypdyr
  • daralýan
  • daralýandygy
  • daralýandyr
  • daralýar
  • daralýardy
  • daralýarlar