darak da‧rak at

  1. Saç daramak üçin ulanylýan diş-diş gural.

    • Baýmyrat Maralyň daragyny alyp gaçypdyr.

  2. Ýüň daramak üçin ulanylýan diş-diş gural.

  3. Dokma dokalanda çitilen çitimleri berkleşdirmek üçin kakylýan demir dişli, saply gural.

    • Jaýdan dokma daraklarynyň sesleri güpürdäp eşidilýär. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem darak - daragy.


Duş gelýän formalary
  • daraga
  • daragy
  • daragym
  • daragymy
  • daragynda
  • daragyndan
  • daragyny
  • daragynyň
  • daragyň
  • daragyňy
  • darakdan
  • daraklar
  • daraklary
  • daraklaryny
  • daraklarynyň
  • daraklaryň
  • darakly
  • daraklyga
  • daraklygy
  • daraklygydyr
  • daraklygyma
  • daraklygymyza
  • daraklygyna
  • daraklygynda
  • daraklygynyň
  • daraklygyň
  • daraklygyňa
  • daraklyk
  • daraklykdan