dar dar 1

[da:r]

  1. Syrlaşyp duran, gysyp duran (kiçi geýim hakda).

    • Dar balak geýeni halamaýarmyş. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  2. Ini, keseligi boýunça giň bolmadyk, giň däl, insiz.

    • Dar köçe.

  3. Göçme manyda Az zady öz içine alýan, çäkli.

    • Bu sözüň ulanylyş gerimi dardyr.

  4. Göçme manyda Köp taraply bolmadyk, her taraply bolmadyk, her taraplaýyn däl, bir taraply.

    • Dar düşünje.

dar dar 2

[da:r]

Ölüm jezasy berlenleri asmak üçin iki sany dikilen agajyň üstünden keseligine agaç goýlup edilen desga.

  • Syndyrdy duşmanyň guran daryny, Eşidip ejizleň ahy-zaryny. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

dar dar 3

Goşulan sözüniň manysy bilen baglylykda şahs aňladýan söz ýasaýjy goşulma.

  • Bergidar, algydar, minnetdar.


Duş gelýän formalary
  • dar-da
  • dara
  • darady
  • daram
  • darda
  • dardan
  • dardy
  • dardygy
  • dardygyny
  • dardyr
  • darlar
  • darlarynda
  • darlaryndan
  • darlarynyň
  • darlaryň
  • darlaryňdan
  • darlyga
  • darlygy
  • darlygyny
  • darlygynyň
  • darlygyň
  • darlyk
  • darlykdan
  • dary
  • darydyr
  • darym
  • daryndan
  • daryny
  • darynyň
  • daryça
  • daryň