dana da‧na

[da:na]

Könelişen söz Köp zatdan habarly, bilimli, akylly, akyldar, parasatly.

  • Onuň adyl we dana adamdygy hakda bütin ýurda şöhrat ýaýrapmyş. («Mydam taýýar» gazeti)

  • Bäşim jan, sen zady gaýgy etme! Danalar: -- Ýüz manadyň bolandan, ýüz dostuň bolsun! -- diýipdirler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Dana bir söz bes, akmaga müň söz hebes. (nakyl)

  • Aýdyjy akmak bolsa, diňleýji dana gerek. (nakyl)


Duş gelýän formalary
  • danadan
  • danadygy
  • danadygyny
  • danadyr
  • danalar
  • danalara
  • danalary
  • danalarymyz
  • danalarymyzyň
  • danalarynyň
  • danalaryň
  • danalygy
  • danalygyna
  • danalygyndan
  • danalygyň
  • danalyk
  • danalykdan
  • danam
  • danamyzyň
  • dananyň
  • danasy
  • danasyny
  • danasynyň
  • danaň