dammak dam‧mak işlik

Damjalap gaçmak, damja-damja bolup düşmek, damjalamak.

  • Iri-iri ýagyş damjalary damyp başlady. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Artygyň gözünden ygtyýarsyz daman ýaş onuň günäsiz maňlaýynda tagma bolup galdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

çyrasyna ýag dammak

seret çyra

  • Saranyň çyrasyna ýag damdy. («Tokmak» žurnaly)

maňzyňa dammak

seret maňyz

  • Okan jümleleri şol wagt onuň maňzyna dammady. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

ýaňaklaryndan gan damaýyn diýmek

Örän gurat bolmak, eti-gany ýerinde, semiz bolmak.

  • Ynha, meselem, özüňden mysal al: bäş gün mundan öň seniň ýaňaklaryňdan gan damaýyn diýýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • daman
  • damana
  • damanda
  • damandan
  • damandyr
  • damanlar
  • damanlary
  • damanok
  • damanokdy
  • damany
  • damanyny
  • damar
  • damara
  • damarda
  • damardan
  • damarlar
  • damarly
  • damary
  • damarymdan
  • damaryna
  • damaryndan
  • damaryny
  • damaryňa
  • damaýjak
  • damaýsa
  • damaýyn
  • damdam
  • damdy
  • damdyk
  • damdyr
  • damjak
  • damlary
  • damlarynyň
  • damlaryň
  • damma
  • dammady
  • dammadyk
  • dammagy
  • dammak
  • dammaklygy
  • dammaly
  • dammanyň
  • dammasa
  • dammasy
  • dammasyny
  • dammaz
  • dammaýanlygyny
  • dammyş
  • damsa
  • damyp
  • damypdyr
  • damyň
  • damýan
  • damýanlardandyr
  • damýanlygyny
  • damýar
  • damýardy