damar da‧mar

  1. Anatomiýa Gan we suwuk zatlaryň hereket edýän sosudalarynyň umumy ady.

    • Ol tüňňi görnüşli bolup; onda gan damarlary ýokdur, emma ol duýujy örän inçejik nerw damarlaryna baýdyr. (S. K. Karanow, Beterlän iriňli göz agyry)

    • Halnazaryň gazaby içine sygmady, gyzardy, damarlary tarsyldap urdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Botanika Ösümlikleriň sapak görnüşli ownujak çylgymlary.

ýeňse damary gatamak

seret ýeňse

  • Beýle gürrüňler Garajanyň ýeňse damaryny derrew taýak ýaly gataldýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • damara
  • damaram
  • damarda
  • damardaky
  • damardan
  • damarlar
  • damarlara
  • damarlaram
  • damarlarda
  • damarlardaky
  • damarlardan
  • damarlary
  • damarlarym
  • damarlarymyz
  • damarlaryna
  • damarlarynda
  • damarlaryndaky
  • damarlaryndan
  • damarlaryny
  • damarlarynyň
  • damarlaryň
  • damarly
  • damarsyz
  • damary
  • damarym
  • damarymda
  • damarymdan
  • damaryna
  • damarynda
  • damaryndaky
  • damaryndan
  • damaryny
  • damarynyň
  • damaryň
  • damaryňa
  • damaryňdyr