[da:ljygmak]
Ylgamak ýa-da çalt işlemek we ş. m. zerarly kynlyk bilen dem almak.
Ýegorjyk, onuň bu teklibine garşy boldy, sebäbi ol daljygyp, gaty ýadapdy. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)
Daljygan ýaly bolup, aýagyny uzyn salyp, haş-haş edip otyrdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Göýä daşdan daljygyp, Ylgawyna gelen ýaly. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)