dalawlatmak da‧law‧lat‧mak işlik

Urjak bolup çenenmek, gezenmek.

  • Olar gitmejek bolup, buýtar-suýtar etmekden başga-da, ýumruklaryny dalawladyp garşylyk görkezdiler. (N. Pomma, Egri eýikmez)

  • Şol mahal hem Oraz ýagly diýen namysjaň bir kaşaň ýigit egri gylyjyny dalawladyp, gynyndan çykarypdyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem dalawlatmak - dalawladýar, dalawladar, dalawladypdyr.


Duş gelýän formalary
  • dalawladyp