daknyşyk dak‧ny‧şyk

Güýç synanyşyk, deňleşjek bolmaklyk, aslyşyk.

  • Emma onuň abraýyna daknyşyk edýän Äşebibi pursady goldan bermeýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Artyk ýaly «sansyzyň» özüne daknyşyk etmegini, onuň beren jebrini çekip bilmedi. Saňa daknyşyk eden kim bolsa, şonuň işi gaýdandyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem daknyşyk - daknyşygy.