dagynyk da‧gy‧nyk

[da:gynyk]

Dürli ýerlerde dagap, pytrap ýatan, ýaýraň, pytraň.

  • Maýanyň habar bereni öňräkdi welin, pikirim dagynyk bolup, ýadymdan çykaýypdyr. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem dagynyk - dagynygy.


Duş gelýän formalary
  • dagynykdy
  • dagynyklara
  • dagynyklardan
  • dagynyklyga
  • dagynyklygy
  • dagynyklygyna
  • dagynyklygyndan
  • dagynyklygyny
  • dagynyklygynyň
  • dagynyklygyň
  • dagynyklyk
  • dagynyklykdan
  • dagynyklykdanmy