[da:glyk]
Dagy köp ýer, köp dagly ýurt.
Relefi beýikli-pesli bolan daglyk raýonlarda mal güýji aýratyn uly ähmiýete eýedir. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Biziň obamyz daglyk, Daglyk bolsa-da, baglyk. (N. Pomma, Goşgular)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem daglyk - daglygy.