[da:g]
Tekizlikleriň belli bir ýerlerinde ýokary galyp giden daş jynsly, massaly beýiklikler.
Gör, nähili görnükli, keremli daglar! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Dagdan arkasy bolanyň, daşdan ýüregi bolar -- diýip, halk nakylynda aýdylýar.
Dagy-daşy ýel bozar, adam arasyny -- söz. (nakyl)
Dag başy dumansyz bolmaz, är başy -- hyýalsyz. (nakyl)
seret dabara
Tüweleme, dabaraňyz dag aşýar. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)
Şondan soň Rejebiň dabarasy dag aşdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
[da:g]
Gyzdyrylan metal bilen tagma salmak, nyşan galdyrmak.
Tebip ejäniň saçy sary, Dag basmakdyr ökde käri. («Tokmak» žurnaly)
seret ýürek 1
Jellatlar tapmasyn derdine derman, Ýüreginde galsyn dag bilen arman. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)