daban da‧ban

[da:ban]

  1. Aýagyň bitewilikde aşagy.

    • Daga çyksaň hem, dabanyňy gözläp gez. (nakyl)

  2. Ökje we ökjäniň aşagy.

    • Aýaklarynyň bolsa dabanlary kirden jaýryk-jaýryk, her jaýrygynda guş guzlaýmalydy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Depeden akan der dabandan syrykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Aýagyň durky, uzynlygy bilen ölçelýän belli bir mukdardaky aralyk ölçegi.

    • Nury diýr, bir daban ýerimiz bermän, Ýeňiş bilen öňe süreliň, dostlar! (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

bir depesi, bir dabany degmek

Örän köp işli, aladaly bolmak, ýetişiksiz günde bolmak.

  • Akmämmet aga, özüň görýärsiň ahyryn, men işime ýetişip bilmen, bir depäm, bir dabanym degýär. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

daban azaby

Çekilen zähmet we oňa düşýän hak.

  • Örän köpdi baýlaň eden güzaby, Köýüp gitdi Mukgyň daban azaby. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

dabanyň düşmek

Örän köp aýlanyp, ýöräp ýadamak, halys bolmak.

dabanyňa köz basylan ýaly bolmak

Örän berk, ýiti täsir etmek.

  • Bibiniň ady tutuldy welin, edil dabanyna köz basylan ýaly boldy. («Türkmen pýesalary»)


Duş gelýän formalary
  • daban-da
  • dabana
  • dabanam
  • dabanda
  • dabandaky
  • dabandan
  • dabanlary
  • dabanlary-da
  • dabanlaryndan
  • dabanlarynyň
  • dabanlaryň
  • dabanly
  • dabanlygyň
  • dabanlyk
  • dabanlykda
  • dabanlylygyň
  • dabanlylyk
  • dabany
  • dabany-da
  • dabanyma
  • dabanymdan
  • dabanymy
  • dabanymyzyň
  • dabanymyň
  • dabanyna
  • dabanynda
  • dabanyndaky
  • dabanyndan
  • dabanyny
  • dabanynyň
  • dabanyň
  • dabanyňa
  • dabanyňy
  • dabanyňyza