daş daş 1 sypat

Uzak aralykda bolan, uzak aralykda ýerleşen, alys, uzak.

  • Kime hat ýazyp otyrsyň, daş ýeremi ýa-da ýakynamy? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Hemedan daş bolsa, kädi ýakyn. (nakyl)

daş daş 2 sypat

  1. Bir zadyň daşky tarapy, daş-töweregi, düzüw ýüzi.

    • Käsesindäki çaýy çäýnegine guýjak bolanda, daşyna dökdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Daşy jäjek, içi möjek. (nakyl)

    • Çelegiň daşy hapalanypdyr.

  2. seret daşary 1

    • Daş çykyp içeri giren badyna: -- Baý-baý, howa ýaman sowapdyr -- diýdi. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  3. Göçme manyda Has, örän, iňňän.

    • Bu mata ondan daş gowy.

  4. Kömekçi söz rolunda.

    • Olaryň öýi şäheriň daşynda ýerleşýär.

daşynda aýlanmak

Birine gowy hyzmat etmek, ýaranjaňlyk etmek.

daş daş 3 at

[da:ş]

  1. Tokga ýa-da tutuş massadan ybarat, suwda pytramaýan, süýnmeýän gaty dag jynsy.

    • Dag görki -- daş, ýüz görki -- gaş, agyz görki -- diş. (nakyl)

  2. Şol hili dag jynsynyň bir tokgasy.

çalgy daş

Pyçak we ş. m. ýiteltmek üçin çalynýan daş.

daş ýürek

seret ýürek 1

gök daş bolmak

Gaty üşemek, aglamak, we ş. m. sebäpli reňkiň üýtgemek, ýüzüň gögermek.

  • Gök daş bolan Myrat bir ýan ýykyldy, Çala eşidildi ondan hyrkyldy. (M. Seýidow, Gijeki myhman)

paltaň daşa degmek

seret palta

  • Paltam daşa degdi, çykmady tamam. («Tokmak» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • daş-da
  • daşa
  • daşady
  • daşam
  • daşda
  • daşdady
  • daşdadygy
  • daşdadygyny
  • daşdadyr
  • daşdaky
  • daşdamy
  • daşdan
  • daşdanam
  • daşdandyr
  • daşdanmyka
  • daşdy
  • daşdygyna
  • daşdygyny
  • daşdym
  • daşdyr
  • daşlar
  • daşlar-da
  • daşlara
  • daşlaram
  • daşlarda
  • daşlardan
  • daşlardyr
  • daşlary
  • daşlary-da
  • daşlarydyr
  • daşlarym
  • daşlarymyň
  • daşlaryn
  • daşlaryna
  • daşlarynda
  • daşlaryndaky
  • daşlaryndan
  • daşlaryny
  • daşlarynyň
  • daşlaryň
  • daşly
  • daşlyga
  • daşlygy
  • daşlygyna
  • daşlygynda
  • daşlygyny
  • daşlygynyň
  • daşlygyň
  • daşlyk
  • daşlykda
  • daşlykdan
  • daşlykdyr
  • daşlylygy
  • daşmy
  • daşsyz
  • daşsyň
  • daşy
  • daşydyr
  • daşym
  • daşyma
  • daşymda
  • daşymdaky
  • daşymdan
  • daşymdanam
  • daşymy
  • daşymyz
  • daşymyza
  • daşymyzda
  • daşymyzdan
  • daşymyzy
  • daşymyň
  • daşyn
  • daşyna
  • daşynam
  • daşynda
  • daşyndady
  • daşyndadyr
  • daşyndaky
  • daşyndakylar
  • daşyndan
  • daşyndanam
  • daşyny
  • daşynyň
  • daşyň
  • daşyňa
  • daşyňam
  • daşyňda
  • daşyňdan
  • daşyňy
  • daşyňyz
  • daşyňyza
  • daşyňyzda
  • daşyňyzdaky
  • daşyňyzdan
  • daşyňyzy