Ýara we ş. m. daňmak üçin sargy, sarag.
Bu üç gyzyl esgeriň ýaralarynyň daňylary, şol ýaralanan wagtlarynda özleriniň daňan daňylarydy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Bir zady daňmak, güýlmek üçin bölek ýüp, bag.
Haşlap uludan demini alyp, iki elini bykynyna urup, otla seretdi, yzyndan Nurgeldiniň golunyň, aýagynyň daňylaryny kesişdirip boşatdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Daňlyp goýlan gülebent, düwünçek, ýük.
Zawoda ugratmak üçin basylyp goýlan pagta daňylary uzakdan dag ýaly bolup görünýärdi.