Gün dogmazyndan öň howanyň ýagtylyp başlaýan çagy, jahan ýalançy ýagtylyp başlaýan pursat.
Bir gün Annagulynyň ejesi daň bilen turdy-da, çaý goýdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Jahan ýagtylmak.
Daňyň atýany bildirip başlamak.
Bu gün hem hemişeki gijeler ýaly bag-bakjalar parahat dem alyp, öz nobatynda daň saz berdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Daňyň atyp başlan çagy.
Daň sazy bir eýýäm asmanyň ýüzüni gyzardypdy. (N. W. Gogol, Saýlanan eserler)
Göçme manyda Bir zadyň başlangyjy, bir zadyň ýüze çykyp başlan döwri.
Ýaňy daň bildirip ugramak, daň saz berip başlamak.
Daň tilki guýrugy bolanda turan Näzik eje hemişeki adaty boýunça sygryny sagdy-da, ony boşadyp, bir gapdallaryndan geçýän köçä salyp goýberdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)