daýhançylyk daý‧han‧çy‧lyk

[daýha:nçylyk]

Daýhanyň käri, ýer işleri, ekin-tikin bilen meşgullanmaklyk.

  • Daýhançylykdan başga Orsgeldiniň eliniň hünäri ýa-da käri hem ýokdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Ol dünýä gowgalaryndan el üzüp, ata-baba käri bolan daýhançylyga baş urmaga meýil etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem daýhançylyk - daýhançylygy.


Duş gelýän formalary
  • daýhançylyga
  • daýhançylygy
  • daýhançylygyma
  • daýhançylygyndan
  • daýhançylygyndanam
  • daýhançylygyny
  • daýhançylygynyň
  • daýhançylygyň
  • daýhançylyk-da
  • daýhançylykda
  • daýhançylykdan
  • daýhançylykdy
  • daýhançylykdyr
  • daýhançylyklaryny