daýanmak 1 işlik

Aýak üstüne galmak, guratlanmak, sagalmak.

  • Ol indi birneme daýandy.

daýanmak 2 işlik

  1. Birine, bir zada bil baglamak, arkalanmak.

    • Kakaň hem kakaň welin, öz garyňa hem daýanmak gerek. («Tokmak» žurnaly)

  2. Esas edinmek, esaslanmak.

  3. Aýak çekmek, durmak, togtamak, säginmek.

    • Şol barmana bir dagyň düýbüne baryp daýandyk. (Myraly)


Duş gelýän formalary
  • daýanan
  • daýananda
  • daýanandan
  • daýanandygy
  • daýananym
  • daýanar
  • daýanara
  • daýanardylar
  • daýanaýjak
  • daýanaňok
  • daýandy
  • daýandy-da
  • daýandyk
  • daýandylar
  • daýandym
  • daýanjak
  • daýanma
  • daýanmaga
  • daýanmagy
  • daýanmagydyr
  • daýanmagyň
  • daýanmak
  • daýanmakdan
  • daýanmakdyr
  • daýanmaklary
  • daýanmaklyga
  • daýanmaklygy
  • daýanmaklyk
  • daýanmaklykda
  • daýanmaly
  • daýanmalydygy
  • daýanmalydyr
  • daýanmalydyrlar
  • daýanman
  • daýanmasa
  • daýanmasyny
  • daýanmaz
  • daýanmazdan
  • daýanmazmy
  • daýanmaýan
  • daýanmaýanlygy
  • daýanmaýar
  • daýanmaň
  • daýansa
  • daýansak
  • daýanybam
  • daýanyp
  • daýanypdy
  • daýanypdyr
  • daýanypdyrlar
  • daýanyň
  • daýanýan
  • daýanýandygyny
  • daýanýandyklary
  • daýanýandyklaryny
  • daýanýandyr
  • daýanýanlaryň
  • daýanýanlygy
  • daýanýar
  • daýanýardy
  • daýanýardylar
  • daýanýarlar