düzmek işlik

  1. Birnäçe zady ýüpe, çişe we ş. m. yzygiderli ötürip çykmak.

    • Jigitler gulan etini tüpeň çybygyna düzüp, kebap bişirdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Böleklerini, şaýlaryny ýygnaşdyryp, gurnap ýola goýmak.

    • Bäşatary söküp, ýaňadan düzmek.

  3. Kirişlerini çekip, sesini sazlaşdyrmak.

    • Dutary düzmek.

  4. Hasyl etmek, emele getirmek.

    • Amyderýanyň çökündileri Garagumy düzýän esasy jynslary emele getirýärler. («Mydam taýýar» gazeti)

  5. Döretmek, ýazmak (şygyr, hat we ş. m. hakda).

    • Deržawin hem Petrow sazyn çaldylar, Aýdym düzüp gahrymanyň şanyna. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

    • Bu ikisi goşgujyklar we aýdymlar düzerdiler. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  6. Köpçüligiň güýjüni çekmek ýoly bilen esaslandyrmak, gurmak.

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem düzmek - düzdüm, düzdüň, düzüpdir.


Duş gelýän formalary
  • düzdi
  • düzdügim
  • düzdük
  • düzdüler
  • düzdüm
  • düzdür
  • düzdüň
  • düzeli
  • düzeliň
  • düzen
  • düzende
  • düzenden
  • düzendigi
  • düzendigine
  • düzendigini
  • düzendiklerine
  • düzendir
  • düzenem
  • düzeni
  • düzenine
  • düzeniň
  • düzeniňden
  • düzenler
  • düzenlerinde
  • düzenlerine
  • düzenleriň
  • düzenligi
  • düzer
  • düzerdi
  • düzerdiler
  • düzerdim
  • düzerin
  • düzeris
  • düzerler
  • düzesi
  • düzgün
  • düzjegini
  • düzjek
  • düzjekdigini
  • düzleri
  • düzlerinde
  • düzlerinden
  • düzleriň
  • düzlügi
  • düzlügidir
  • düzlüginde
  • düzlüginden
  • düzlügini
  • düzlüginiň
  • düzlügiň
  • düzlük
  • düzlükdi
  • düzlükleri
  • düzlükleridir
  • düzlüklerinde
  • düzlüklerindedir
  • düzlüklerinden
  • düzlüklerini
  • düzlükleriniň
  • düzlükleriň
  • düzme
  • düzmedim
  • düzmegi
  • düzmegidir
  • düzmegine
  • düzmegini
  • düzmeginiň
  • düzmegiň
  • düzmek
  • düzmekde
  • düzmekden
  • düzmekdi
  • düzmekdir
  • düzmeklerine
  • düzmeklige
  • düzmekligi
  • düzmekligiň
  • düzmeklik
  • düzmeklikde
  • düzmeler
  • düzmelere
  • düzmeleri
  • düzmelerinde
  • düzmelerinden
  • düzmelerini
  • düzmeleriň
  • düzmeli
  • düzmelidi
  • düzmelidigi
  • düzmelidir
  • düzmelidirler
  • düzmesi
  • düzmesinde
  • düzmesini
  • düzmez
  • düzmezden
  • düzmeýän
  • düzmeýärler
  • düzmäge
  • düzmän
  • düzmändir
  • düzmäni
  • düzmäniň
  • düzse
  • düzse-de
  • düzsek
  • düzseler
  • düzsem
  • düzsemem
  • düzsene
  • düzseň
  • düzsün
  • düzüp
  • düzüpdi
  • düzüpdiler
  • düzüpdir
  • düzüpdirler
  • düzüň
  • düzýän
  • düzýändigi
  • düzýändiginden
  • düzýändigini
  • düzýändiklerine
  • düzýändiklerini
  • düzýändir
  • düzýändirler
  • düzýäni
  • düzýäniňiz
  • düzýänler
  • düzýänleri
  • düzýänleriň
  • düzýänligi
  • düzýänliginden
  • düzýänligini
  • düzýär
  • düzýär-de
  • düzýärdi
  • düzýärdiler
  • düzýäris
  • düzýärler