düzetmek işlik

  1. Abat etmek, dikeltmek, bejermek, abatlamak.

    • Çerkez oturgyçlary düzetdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Göçme manyda Öňki normal we adamkärçilikli ýagdaýyna getirmek, adam hataryna goşmak.

    • Öýkeleşigiň ýaraşygy şonda bolup biler, haçan ýalňyşan tarapyň öz ýalňyşyny düzetmek üçin ýüreginde güýçli isleg dörese. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  3. Belli bir derejede tertibe salmak, düzgüne salmak.

    • Wüşi kel çommalyp oturyşyny düzedip ynjalyklaşdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem düzetmek - düzedýär, düzeder, düzedipdir.

demiňi düzetmek

Asuda dem alyp, özüňe gelmek, özüňi rastlamak, normal hala gelmek.

  • Güller gülüp gelýär elin uzadyp, Ýagmyr öňe ädýär demin düzedip. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • düzeden
  • düzedende
  • düzedendigi
  • düzedeni
  • düzedenimizde
  • düzeder
  • düzederden
  • düzederdiler
  • düzederdim
  • düzederin
  • düzederis
  • düzederler
  • düzedeýin
  • düzedip
  • düzedipdim
  • düzedipdir
  • düzedipdirler
  • düzediň
  • düzedäýmeli
  • düzedäýsem
  • düzedýän
  • düzedýänçä
  • düzedýär
  • düzedýärdi
  • düzedýäris
  • düzedýärler
  • düzetdi
  • düzetdi-de
  • düzetdik
  • düzetdiler
  • düzetdim
  • düzetjegini
  • düzetjek
  • düzetjekdigine
  • düzetme
  • düzetmegem
  • düzetmegi
  • düzetmegidir
  • düzetmegimiz
  • düzetmegine
  • düzetmegini
  • düzetmeginiň
  • düzetmegiň
  • düzetmejegine
  • düzetmejek
  • düzetmek
  • düzetmekde
  • düzetmekden
  • düzetmeklige
  • düzetmekligi
  • düzetmekligiň
  • düzetmeklik
  • düzetmeler
  • düzetmeleriniň
  • düzetmeleriň
  • düzetmeli
  • düzetmelidigi
  • düzetmelidigini
  • düzetmelidir
  • düzetmese
  • düzetmese-de
  • düzetmesi
  • düzetmez
  • düzetmezden
  • düzetmezlige
  • düzetmeýärler
  • düzetmäge
  • düzetmän
  • düzetmäni
  • düzetmäniň
  • düzetse
  • düzetsek