düzülmek işlik

  1. Ýüpe, çybyga, sime we ş. m. setirlenip geçirilmek, ötürilmek.

  2. Hatara durmak, tertipli goýulmak, setirlenmek.

  3. Bölekler gurnalmak, şaýlary ýerli-ýerine goýlup ýola salynmak.

  4. Kirişleri çekilip sazlanmak, goşulmak.

    • Dutarlaryň sesleri düzüldi.

  5. Döredilmek, ýazylmak, goşulmak.

    • Agladym, bagrym ezildi, Gamyň sazlary düzüldi. («Görogly» eposy)

  6. Köpçülik güýji çekilmek ýoly bilen esaslandyrylmak, guralmak.

    • Sekiz adamdan ybarat döwekçiler brigadasy düzülip, brigadanyň ýolbaşçysy hem Sähet bellendi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)


Duş gelýän formalary
  • düzüldi
  • düzüldik
  • düzüldiler
  • düzülen
  • düzülende
  • düzülenden
  • düzülendigi
  • düzülendigine
  • düzülendigini
  • düzülendir
  • düzüleninden
  • düzüleniň
  • düzülenleri
  • düzülenligi
  • düzülenok
  • düzüler
  • düzülip
  • düzülipdi
  • düzülipdir
  • düzülipmi
  • düzüliň
  • düzüljek
  • düzülme
  • düzülmedi
  • düzülmedik
  • düzülmedikdir
  • düzülmegi
  • düzülmegidir
  • düzülmeginde
  • düzülmeginden
  • düzülmegine
  • düzülmegini
  • düzülmeginiň
  • düzülmegiň
  • düzülmek
  • düzülmekligi
  • düzülmeleri
  • düzülmeli
  • düzülmelidi
  • düzülmelidigi
  • düzülmelidigini
  • düzülmelidir
  • düzülmese
  • düzülmesi
  • düzülmesidir
  • düzülmesinde
  • düzülmesini
  • düzülmezden
  • düzülmezinden
  • düzülmezligi
  • düzülmeýändigini
  • düzülmeýär
  • düzülmeýärdi
  • düzülmiş
  • düzülmäge
  • düzülmän
  • düzülmändir
  • düzülse
  • düzülse-de
  • düzüläýse
  • düzülýän
  • düzülýändigi
  • düzülýändigini
  • düzülýänini
  • düzülýänligindedir
  • düzülýänçä
  • düzülýär
  • düzülýärdi
  • düzülýärler