Düýrülip, bükülip daňlan düwünçek, düýrlenen görnüş.
Onuň gara bulaşyp düwdek ýaly bolup ýatanyny gören goňşusy: -- Durmuşyny öz eli bilen bozan adamyň boljagy şudur -- diýdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Düwdek bolan ýaly ýepbeşip oturgyn, şondan başga seniň bitirjek işiň ýok. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem düwdek - düwdegi.