düşnüksiz sypat

Düşüner ýaly bolmadyk, düşünip bolmajak, aýdyň, açyk däl, düşünmesi kyn bolan.

  • Şol wagt onuň bu garaşynda, gözlerinde düşnüksiz alamatlar syzyldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Garakçylar hakyndaky gürrüň başlanan wagtynda, şu adamda bir hili düşnüksiz gozgalaň başlandy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Bu işde düşnüksiz bir ahwalat bar. (R. Seýidow, Bagtlylar)

  • Bu bir düşnüksiz waka.


Duş gelýän formalary
  • düşnüksizden
  • düşnüksizdi
  • düşnüksizdir
  • düşnüksizem
  • düşnüksizlige
  • düşnüksizligi
  • düşnüksizligine
  • düşnüksizligini
  • düşnüksizliginiň
  • düşnüksizligiň
  • düşnüksizlik
  • düşnüksizlikden
  • düşnüksizmiş
  • düşnüksizräk