düşnükli sypat

Aňsatlyk bilen düşünilýän, aýdyň, açyk.

  • Ynha, Çary dost, eşitdiňmi? Düşnükli, özüňe bagly zat. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Şeýle düşnükli aýdyp berseň, harplygy ýaňyja gutaran çaganyň hem ýalňyşsyz ýazjagyna açyk ynanýaryn. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)


Duş gelýän formalary
  • düşnüklidi
  • düşnüklidigi
  • düşnüklidigine
  • düşnüklidigini
  • düşnüklidir
  • düşnüklije
  • düşnükliligi
  • düşnükliliginden
  • düşnükliligini
  • düşnüklilik
  • düşnüklimi
  • düşnüklimidir
  • düşnükliräk
  • düşnüklisi