düşmek işlik

  1. Ýokardan aşaklygyna gaçmak, dökülmek.

    • Alma, biş, agzyma düş. (nakyl)

  2. Aşak inmek, aşaklygyna ýöremek, oturan ýa-da duran zadyň üstünden aýrylmak.

    • Kabinadaky gara köýnekli ýigit hem maşyndan düşdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Bir gün Aşgabatdan samolýot geldi, Oň içinden düşdi ak ýektaý gelin. (A. Haýydow, Gök asman)

    • Ol ýabysyndan syrylyp düşdi-de, guýynyň gyrasyndan iki ädim gaýrada durup, bedresini guýa sallamaga durdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  3. Içine girmek, içinde bolmak, içine gaçmak.

  4. Ýuwunmak.

    • Gelelim bäri, iki gezek narzana düşdüm. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  5. Akyl ýetirmek, pähim etmek, aňlamak, aňşyrmak, bilmek, düşünmek.

    • Men oňa näme ýamanlyk edýänligime düşemok. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  6. Peýda bolmak, getirilmek, görünmek (bazarda).

    • Bazara gawun düşüpdir.

  7. Peýda bermek, haýyr etmek, ýaramak.

  8. Peselmek, azalmak.

    • Derýanyň suwy gün-günden düşýär.

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem düşmek - düşdüm, düşdüň, düşüpdir.

aşa düşmek

seret

aýagy düşmek

Bagt getirmek.

çöke düşmek

seret çöke

  • Ol dikelmek isledi, emma ýaralaryndan gan akmak bilen ysgyny gaçan eken, ol zordan çöke düşüp bildi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

elden-aýakdan düşmek

El.

ele düşmek

seret el

  • Ele düşmän sag-aman gelen ýeriň hem örän gowy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

etden düşmek

seret et

garyp düşmek

Pulsuz, zatsyz galmak, ýagdaýyň peselmek.

göz düşmek

seret göz

  • Gyzyň gözi owadan ata düşenden, ýüzi açyldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

göze-başa düşmek

seret göz

haldan düşmek

seret hal

  • Haldan düşüp, ýassyga baş goýdy. (Aýbek, Nowaýy)

howsala düşmek

seret howsala

pikirine düşmek

seret pikir

säw düşmek

seret säw

takatdan düşmek

seret takat

  • Daňdandan bäri işledilýän, yssyda gurpdan, takatdan düşen öküzler çalajadan gymyldaýardylar. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

ýola düşmek

seret ýol

ýürege düşmek

seret ýürek1

  • Döwekçileriň goşunda ýagly gowurmanyň kändigini görüp, nahar etdirmek onuň ýüregine düşen bolmaga çemeli. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)