düşürmek dü‧şür‧mek işlik

  1. Ýokardan ýa-da eliňden aşaklygyna gaçyrmak, ýere gaçyrmak.

    • Käbiri bolsa tamdyrda çöregini ýandyrýar ýa-da düşürýär-de: -- Şu saparky unumyz erbet -- diýip, öz günäsini hem bugdaýyň, unuň üstüne ýükleýär. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Bir zadyň üstünden alyp, ýerde goýmak, bir zadyň üstünden ýere indermek, düşmäge hemaýat etmek.

    • Ony göterip diýen ýaly maşyndan düşürdiler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ondan Aýna ejäni goltuklap düşürdiler. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

    • Oňa dil gaýtarman, bedrelerine goýup, küýzesini düşürip, aglamjyrap, öýe girip gitdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Hoşgeldi öýden çykyp, furgonçy bilen birlikde goşlary düşürmäge başlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  3. Gepleşik dili Akyl ýetirmek, aňlatmak, düşündirmek.

ele düşürmek

seret el

  • Wepa bu işi bilen bir erbet duşmany ýanynyň nökerleri bilen birlikde ele düşürdi. (A. Gowşudow, Eserler)

jaýyna düşürmek

seret jaý

  • Öz mertebesini belent tutdy, tüýs jaýyna düşürdi. (M. Gorkiý, Ene)

ruhdan düşürmek

seret ruh

  • Ekilen däneler taşlanan ýerinde galyp, şüdügäriň tozap ýatmagy, ýylyň ýaman rejesi daýhany ruhdan düşürdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • düşürdi
  • düşürdi-de
  • düşürdik
  • düşürdiler
  • düşürdim
  • düşürdiň
  • düşürdiňmi
  • düşüreli
  • düşüreliň
  • düşüren
  • düşürende
  • düşürenden
  • düşürendigi
  • düşürendigini
  • düşürendikleri
  • düşürendiklerini
  • düşüreni
  • düşürenimi
  • düşürenimiz
  • düşüreninden
  • düşüreniňden
  • düşürenler
  • düşürenlerem
  • düşürenleri
  • düşürenlerinde
  • düşürenlerinden
  • düşürenok
  • düşürensoň
  • düşürer
  • düşürerdi
  • düşürerdiň
  • düşürere
  • düşüreris
  • düşürerler
  • düşürersiňiz
  • düşüreýin
  • düşürip
  • düşüripdi
  • düşüripdir
  • düşüripdir-de
  • düşüripdirler
  • düşüriň
  • düşürjegini
  • düşürjeginiň
  • düşürjek
  • düşürjekdigine
  • düşürme
  • düşürmedi
  • düşürmedik
  • düşürmediler
  • düşürmediň
  • düşürmegi
  • düşürmeginde
  • düşürmegine
  • düşürmegini
  • düşürmegiň
  • düşürmek
  • düşürmekde
  • düşürmekden
  • düşürmekdi
  • düşürmekdir
  • düşürmeklik
  • düşürmekçi
  • düşürmeler
  • düşürmelerde
  • düşürmelere
  • düşürmeleri
  • düşürmeleriň
  • düşürmeli
  • düşürmelidir
  • düşürmeris
  • düşürmeseler
  • düşürmesi
  • düşürmesini
  • düşürmesiniň
  • düşürmez
  • düşürmezdi
  • düşürmezlige
  • düşürmezligi
  • düşürmezligine
  • düşürmezlik
  • düşürmezlikden
  • düşürmeýän
  • düşürmeýändigini
  • düşürmeýär
  • düşürmeýärdi
  • düşürmeýärdik
  • düşürmeýärler
  • düşürmeýärsiňiz
  • düşürmäge
  • düşürmän
  • düşürmändir
  • düşürmändirler
  • düşürmäni
  • düşürmäniň
  • düşürse
  • düşürse-de
  • düşürsin
  • düşüräýjek
  • düşüräýse
  • düşürýän
  • düşürýändigini
  • düşürýändir
  • düşürýänler
  • düşürýänlere
  • düşürýänleriň
  • düşürýär
  • düşürýär-de
  • düşürýärdi
  • düşürýärdiler
  • düşürýärin
  • düşürýärler
  • düşürýärsiňiz