düşünje at

  1. Predmet hakda logiki taýdan formalaşan umumy pikir, bir zat baradaky ideýa.

  2. Bir zat barasynda özüňde bolan maglumat.

  3. Bir zada düşünmeklik, bir zady bilmeklik ukyby.

    • Onuň düşünjesi artdy, gözýetimi giňedi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

    • Ol hemmesine täze göz, täze düşünje bilen garady. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Meniň indi pikirim giňäp, düşünjäm artdy, men bagtly ýigit boldum. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)