düşük

  1. Pes, gowşak, güýçsüz.

    • Biri oňa: -- Olary ugratdylar -- diýip, düşük ses bilen jogap berdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Hata göz gezdirende, Çernyşowyň kagyzly elleri sandyrady, okanda sesi düşük, çykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Hor, ejiz, keýpsiz.

    • Ol ruhsuzdy, ebti düşükdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem düşük - düşügi.


Duş gelýän formalary
  • düşükdi