Bir formasyz tokga bölek, uly ýumry bölek.
Ol özüniň ullakan gysajy bilen bir düňelek demri körügiň üstünde goýup, körügini basýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Tagaşyksyz togalak, etli-ganly, ýognas.
Onuň yzyndaky kelte aýakly gyr ýabynyň üstündäki mähnet düňelek adam ýabysyny ýüzin salyp barýar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem düňelek - düňelegi.