Düýbi ýokaryk bolup agdarylmak.
Taz ýaly gaýkyjyklap, jaýtaryp duran döşleriňi düňderilen käse ýaly edip, kime güjeňleýäniňi-de bilýärin. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Bir ýüzünden ikinji bir ýüzüne agdarylmak, öwrülmek, ýykylmak.
Düşündiňmi, maýam? -- diýip, başlyk gaharly gepläp, düňderilip ýatjak bolsa-da Akbibi ony ygtyýaryna goýmady. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Aýlanyp, towlanyp akmak, bulanyp akmak (suw hakda).
Artyk düňderilip barýan suwa göz gezdirdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Mele suw düňderilip, şaglap akanda, Derek ýapraklary oňa ses goşýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)