Bir zadyň aşak tarapy, aşagy, asty.
Ol demir ýoluň ýakasyndaky haýatyň düýbüne bukulyp, telegrafa golaýlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Bir zadyň iç tarapynyň gutaran ýeri.
Syçan biraz salymdan soň agzy dar, düýbi giň bir hin ýasap çykypdyr. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)
Ol guýynyň düýbüni görmän, bedresindäki suwy döken-saçan edip, zordan ýabysyny suwa ýakdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Tör.
Ol ikisi düýpde, artelden alan dokmalarynyň üstünde ýüzlerini galdyrman çitýärdiler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ýerden şahalanyp gidýän ösümlikleriň, agaçlaryň kök sistemasy.
Uly agaçlaryň we käbir ösümlikleriň bir sanysy.
Ýap boýlarynyň her ýerinde bir düýp tut, uzakdan bolsa hellewläp erik agaçlary görünýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Her düýp gowaçany ösdürip, kemala getirmek üçin, gör näçe azaplar çekilipdir. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Esasy, esas, özen.
Ol şeýle bir ýeserlik bilen mylaýymsyrady welin, komandir bu ýeserlikleriň düýp mazmunyny eýýäm aňlady we onuň ýüzünde ýigrenç alamatlary peýda boldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem düýp - düýbüm, düýbüň.
Doly anygyny bilmek, meseläni hemme taraplaýyn aýdyňlaşdyrmak.
Esasyny goýmak, esaslandyrmak.
Kök urmak.
Mazaly ornaşmak, bütinleý ýerleşmek.
Kök urmak, gögermek.
Käbir düýp alan nahallary-da gyzgyn gün köýdürýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Grammatik termin seret işlik
seret guýy