Dürli-dürli dörtburç mata bölejiklerinden küşt öýleriniň formasynda tikilýän we gelin edinmäge toýa gidilende, düýäniň üstüne atylýan, gyralary seçekli gurama bezeg.
Çyrpysy bolmasa-da, gyzyl kürte, ýaşyl kürte we iki sany bukja balak köýnegi hem asmalyk, düýebaşlygy bilen gelipdir. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem düýebaşlyk - düýebaşlygy.