düýe dü‧ýe

Zoologiýa Çydamlylygy bilen tapawutlanýan bir ýa-da iki örküçli, gäwüşeýän iri öý haýwany.

  • Sähet daň bilen turup, öz adamlary bile ýola düşmek üçin azyk-suwluklaryny düýelere ýükleşdirmek işi bilen meşguldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Düýe öz boýnunyň egrisini bilmän, ýylana egri diýermiş. (nakyl)

  • Düýe çökerip, çemmer işme. (nakyl)

  • Düýe köşegini gowy görse, hem deper, hem gapar. (nakyl)

  • Çöken düýe ýer alar. (nakyl)

  • Düýe münüp, hataba bukma. (nakyl)


Duş gelýän formalary
  • düýe-de
  • düýede
  • düýeden
  • düýedir
  • düýelem
  • düýeler
  • düýelerde
  • düýelerden
  • düýelerdir
  • düýelere
  • düýelerem
  • düýeleri
  • düýelerimiz
  • düýelerimizem
  • düýelerimizi
  • düýelerimiň
  • düýelerine
  • düýelerini
  • düýeleriniň
  • düýeleriň
  • düýeleriňem
  • düýeleriňiz
  • düýeli
  • düýelidir
  • düýelik
  • düýeliler
  • düýelini
  • düýesi
  • düýesidir
  • düýesinden
  • düýesine
  • düýesinem
  • düýesini
  • düýesiniň
  • düýesiniňem
  • düýeçe
  • düýä
  • düýäm
  • düýämden
  • düýäme
  • düýämi
  • düýämiz
  • düýämiziň
  • düýänem
  • düýäni
  • düýäniň
  • düýäniňki
  • düýäň
  • düýäňem
  • düýäňi
  • düýäňiz
  • düýäňizi
  • düýäňiziňem