düýş

Uklap ýatan adamyň kellesinde peýda bolýan hyýaly zatlar.

  • Ýatsam-tursam peýda bolduň düýşümde. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem düýş - düýşüm, düýşüň.

düýş görmek

Ukuda ýatyrkaň, düýşe her hili hyýaly zatlar girmek.

  • Aç towuk düýşünde dary görer. (nakyl)

düýş ýaly bolup görünmek

Çala hakydaňa gelmek, çala ýadyňa düşmek.

  • Ol maňa bir düýş ýaly bolup görünýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

düýşe girmek

Ukuda göz öňüne gelmek, düýşüňde biri ýa-da bir zat görünmek.


Duş gelýän formalary
  • düýş-de
  • düýşde
  • düýşdedir
  • düýşden
  • düýşdenem
  • düýşdenmi
  • düýşdäki
  • düýşdügini
  • düýşdür
  • düýşe
  • düýşem
  • düýşi
  • düýşler
  • düýşlerden
  • düýşlere
  • düýşleri
  • düýşlerimiň
  • düýşlerinde
  • düýşlerine
  • düýşlerini
  • düýşleriniň
  • düýşleriň
  • düýşleriňi
  • düýşli
  • düýşmi
  • düýşsüz
  • düýşüdi
  • düýşüdir
  • düýşüdirem
  • düýşüm
  • düýşümde
  • düýşümden
  • düýşümdir
  • düýşüme
  • düýşümi
  • düýşümiz
  • düýşümizde
  • düýşümizdemi
  • düýşümiň
  • düýşümmi
  • düýşümmikä
  • düýşün
  • düýşünde
  • düýşündedir
  • düýşünden
  • düýşündäki
  • düýşüne
  • düýşüni
  • düýşüniň
  • düýşüniňem
  • düýşüň
  • düýşüňde
  • düýşüňdir
  • düýşüňe
  • düýşüňi
  • düýşüňize