Bir ýumşy bitirmäge, bir ýere gitmäge we ş. m. meýilli, höwesli.
Onuň bikärligini şatlykly geçirmäge döwtalap myhmanlardan öýi doly bolardy. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)
Näme, onuň özi döwtalap bolup geçendir öýdýärmiň?! (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem döwtalap - döwtalaby.