Ýurduň agalyk edýän synpynyň bar bolan tertibi goramaklygy we beýleki synplaryň garşylygyny basmaklygy öňünde maksat edip goýan syýasy guramasy we şeýle syýasy guramaly ýurduň özi.
Magtymgulynyň döwründe, türkmenlerde merkezleşen bir döwlet gurluşy bolmandyr. («Edebiýat»)
Mal-mülk, baýlyk, bagt.
Ýigidiň myrady atdyr, Aty saklamak döwletdir. («Görogly» eposy)
Sen ogrulygyňy, ýalançylygyňy taşlasaň, döwlet taparsyň. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Meniň malym, döwletim hem bar, emma şunuň ýaly janly altyn aşygym ýok. (H. Ysmaýylow, Powestler)
Ýagşy niýet -- ýarym döwlet. (nakyl)
Bagtyň uçmak, bagtyň gelmek.