döwürdeş dö‧wür‧deş

Bir döwürde ýaşan, bir wagtda ömür süren.

  • Mollanepesiň döwürdeşi, ýakyn egindeşleriniň biri-de satirik şahyr Keminedir. («Edebiýat»)

  • Onuň döwürdeşleri we pikirdeşleri şol ýazgylary saklap, soňundan çap edipdirler. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  • Megerem, onuň dişleri polatdan bolsa gerek, ýekejesi hem şitilemändir -- diýşip, onuň döwürdeşleri gürrüň edýärler. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)


Duş gelýän formalary
  • döwürdeşi
  • döwürdeşidir
  • döwürdeşimiz
  • döwürdeşiniň
  • döwürdeşler
  • döwürdeşleri
  • döwürdeşlerimiz
  • döwürdeşlerimiziň
  • döwürdeşlerinde
  • döwürdeşlerinden
  • döwürdeşlerine
  • döwürdeşlerinem
  • döwürdeşlerini
  • döwürdeşleriniň
  • döwürdeşleriň