[dö:rmek]
Eýläk-beýläk peşemek, gorjap garyşdyrmak, gorjamak.
Ýeri dörmek üçin kätmenden peýdalanypdyrlar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýeriň ýüzün azal dörüp sürende, Yzysüre mala ony ýylmaýar. (Ş. Petefi, Goşgular we poemalar)
Bir zadyň içini döküp gözlemek, agtarmak.
Dolmaz petekeleriniň ýesiri bolan towuklar demir dyrnaklary bilen tezek dörýärler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Biz bu obajyga gelip, ýeri dörüp ýörän towuk-da görmedik. (I. S. Turgenýew, Awçynyň hatlaryndan)
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem dörmek - dördüm, dördüň, dörüpdir.