[dö:nüklik]
Öz watanyňa, halkyňa hyýanat etmeklik, haýynlyk, hyýanatçylyk.
Öz ýoldaşymyz-a däl, asyl süýtdeş doganymyz hem bolsa, dönüklik edendigi üçin, çäresini görmelidiris. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Maňa her hili at daksalar hem, men öz ýurduma hiç wagt dönüklik eden däldirin. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Haram dönük, bizi satan hem sensiň, sen meni ýene hyýanata, özüň ýaly dönüklige ündeýärsiň! (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Sözüňde tapylmaz, ähtiňde durmazlyk, biwepalyk.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem dönüklik - dönükligi.